- äýnek
- Görüş normal bolmadyk wagtda, oňat görmek ýa-da gözi goramak üçin ulanylýan esbap.∙ Ol äýnegini gözünden aýryp, dyzynyň üstünde goýdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)∙ Bu hereket äýnegi döwülmez ýaly ýerde ýygnap goý diýildigidi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Gözüňe ýary ganatly äýnegiňi dakyn! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem äýnek - äýnegi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.